Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket ugry aşakdaky ýagdaýda amala aşyrylar.
14-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alişer Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atmyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan «10 ýyl Abadançylyk» şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.
59-lyk belgili «Gurtly – Köpetdag şaýoly» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan günbatara hereketini dowam etdirip, Gökdepe ýoluna — günorta tarapa düşýär. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezininiň aýlawyndan yzyna aýlanyp, hereketini ýene-de Gökdepe ýoly boýunça dowam etdirýär.
13-lik belgili «Awtokombinat – Gurtly», 23-lik belgili «Parahat-7 Gurtly», 113-lik belgili «Awtokombinat – Gurtly» gatnaw ugurlary
Belleniş nokadyndan hereketini Görogly köçesi boýunça dowam etdirip, Nurmuhammet Andalyp köçesine düşýär we öňki gatnaw ugurlary boýunça hereket edýärler.
18-lik belgili «Parahat-7 – Halkara howa menzili» gatnaw ugry
Belleniş nokadyndan Halkara howa menziline düşüp, hereketini Atamyrat Nyýazow şaýoly arkaly dowam etdirýär.
47-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan ugur alyp, hereketini Hoja Ahmet Ýasawy köçesini kesip geçip, Nurmuhammet Andalyp köçesi boýunça dowam etdirýär.
54-lik belgili «Gurtly – Arkadag myhmanhanasy» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alşyr Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atmyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan «10 ýyl Abadançylyk» şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.
73-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Oguz han köçesi boýunça dowam etdirip, «Ýyldyz» aýlawyndan aýlanyp Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan Oguz han köçesine düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.
7-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Magtymguly we Atamyrat Nyýazow şaýollary arkaly dowam etdirip, Aga Berdiýew, Geldi Bäşiýew köçeleri boýunça Garry Kulyýew köçesine düşüp, ýoluny dowam etdirýär.
53-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Görogly köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Hoja Ahmet Ýasawy, Nurmuhammet Andalyp, Zynhary köçeleri arkaly dowam etdirýär.
9-lyk belgili «Awtokombinat – Bitaraplyk binasy», 16-lyk «Arzuw – Çandibil bazary» gatnaw ugurlary
Belleniş nokatlaryndan ugur alyp, «Gyzyl ýyldyz» köçesi bilen «10 ýyl Abadançylyk» şaýolunyň çatrygyndaky ýol yşykdan saga aýlanyp, öňki tertipde hereketlerini dowam etdirýärler.
