Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça goşantlaryna jemgyýetiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

23 Dekabr, 2025

22-nji dekabrda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäräni «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde gurady.

MDKG 3.0 — bu ýurduň gaýtadan seredilen Milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda howa boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, bilermenler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) Ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş hem gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça zenanlary we ýaşlary MDKG 3.0 taslamasyny durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky Ýol kartasynyň esaslary taýýarlanyldy.

«Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi. Biz zenanlaryň baý tejribesini we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlaryny milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwürmäge çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny paýlaşdy.

«Ynamly Kepil» koworking merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda «Ýaş tebigatçy» guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info