Aşgabatda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergiler we halkara maslahatlar başlandy

MilliInfo

Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel-2025», şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara sergileri we maslahatlary öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynyň okalmagy bilen açylan forumyň derejesi gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna eýe boldy. Çünki halkara ähmiýetli forumlaryň utgaşykly geçirilmegi, şeýle hem gatnaşyjylaryň ozalkylardan has köp bolmagy halkara gözden geçirilişiň we maslahatyň ýokary derejesini aýan edýär. Şunda «Türkmentel-2025» halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşdylar.

Bu ýerde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ulgamynda täze innowasion çözgütler görkezildi. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Ähmiýetli forumlar 14-nji noýabra çenli dowam eder.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo