Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

MilliInfo

11 Sentýabr, 2025

18-20-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Munuň özi Watanymyzyň ýokary depginde ösýän milli ykdysadyýetiniň eýe bolan üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüler.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçer. Ähmiýetli gözden geçirilişe Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar.

Bu ýerde beýleki ugurlar bilen birlikde, saglyk, bilim hem sport ulgamlarynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bilen tapawutlanýan kompaniýalaryň mümkinçilikleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlener.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo