Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde Türkmen-özbek dostluk agşamy geçirildi

MilliInfo

29 Oktýabr, 2025

Düýn — 28-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmen-özbek dostluk agşamy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ajaýyp çäre ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bilen sazlaşykly utgaşyp, iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagy babatda uly ähmiýete eýe boldy. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähi bu ýerde geçirilýän Türkmen-özbek dostluk agşamy mynasybetli toý ruhuna beslendi.

Konsert maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Joşgunly çykyşlar, şol sanda aýdym-sazly edebi kompozisiýa iki goňşy halkyň dost-doganlygynyň barha rowaçlanýandygynyň beýany bolup, kalplara egsilmez şatlyk paýlady. Ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen hem-de özbek aýdym-sazlary ýaňlandy.

Türkmen-özbek dostluk agşamynyň çäginde iki doganlyk halkyň milli tagamlary taýýarlanylyp, çärä gatnaşyjylara hem-de seýilgähe gelenlere hödür-kerem edildi. Türkmen we özbek aşpezleri milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlary taýýarlamagyň usullaryny görkezip, myhmanlary ýerli aşhana medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Ýeri gelende bellesek, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprelinde özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol häzirki wagtda bu şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan barýan ýerine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda-da «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo