Türkmenistanly aýdymçynyň owazy meşhur žurnalist hem şoumen Andreý Malahowyň gepleşiginde ýaňlandy. Aşgabatly Frangiz Orazowa «Песни от всей души» atly şowhunly gepleşikde «Ты обнимаешь меня» («Sen meni bagryňa basarmyň») atly aýdymyny ýerine ýetirdi.
Ildeşimiziň çuň mazmuna ýugrulan aýdymy giň zalda jemlenen tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Aýdym monitorda görkezilen şekiller bilen ajaýyp sazlaşyk döretdi. Frangiziň şirin owazynyň astynda şowhuna gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren walsy bolsa gepleşigi has-da gyzyklandyrdy. Şunlukda, aşgabatly aýdymçynyň çykyşy şowhuna gatnaşyjylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna eýe boldy.
Bu pursatlaryň wideoşekillerini Instagram sahypamyzda tomaşa edip bilersiňiz.