Aşgabatly okuwçylaryň üstünligi Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary Russiýada geçirilen «Öz Watanyň barada dünýä gürrüň ber» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu bäsleşik halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin ýylyň-ýylyna guralýar. Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasynyň düzümine girýän Aşgabatdaky bilim ojagyndan bäsleşige jemi 18 sany döredijilik işi hödürlenip, şolaryň ikisi eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, mekdebiň okuwçysy G.Wlasenkonyň taslamasy indi ençeme ýyldan bäri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni dialogyň, hakyky dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edip gelýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine bagyşlanypdyr. M.Farsiýansyň işinde bolsa Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän, meşhur rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän meýdançanyň taryhyndan we onuň häzirki ýagdaýyndan söz açylýar.
Mekdebiň ýolbaşçylary zehinli okuwçylary gazanan üstünligi bilen gutlap, şeýle bäsleşikleriň milli medeni gymmatlyklary wagyz etmekde, Arkalaşygyň çäginde özara düşünişmek gatnaşyklaryny ilerletmekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
