«Ashgabat Fashion Show»: Milli öwüşginler we döwrebap moda bir sahnada jemlendi

MilliInfo

8 Dekabr, 2025

«Ashgabat Fashion Show»: Milli öwüşginler we döwrebap moda bir sahnada jemlendi

Paýtagtymyzda «Ashgabat Fashion Show» ady bilen dabaraly moda görkezilişi geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralan bu çärede milli äheň bilen sazlaşýan egin-eşikleriň döwrebap stilleriň özboluşly utgaşmasyny döredýän nusgalary görkezildi.

Çäräniň dowamynda 10 türkmen dizaýneri we moda öýleri öz işlerini köpçülige hödürlediler. Agşamyň atmosferasy, hakykatdan hem, «jadyly» boldy: her bir lybas üçin ýörite döredilen ýaly täsir galdyrýan özboluşly sazlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Döwrebap biçüwdäki lybaslara salnan gadymy türkmen nagyşlary nepis kümüş şaý-sepler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek guwandyryjydyr.

Bu şüweleňiň üstünlikli geçmegi 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» derejesi boýunça girizilen Aşgabadyň ýokary halkara derejesini ýene bir ýola tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info