Aşgabat Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen täze ylalaşyklara taýýarlanýar

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Aşgabat Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen täze ylalaşyklara taýýarlanýar

Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, bu düzümiň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info