Aşgabat GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini kabul etmäge taýýarlanýar: daşary syýasat edarasyndaky duşuşyk

MilliInfo

26-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu ýerde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda hödürlenen habarda tassyklanylyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy öňde boljak mejlise aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, oňa Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin möhüm meýdança hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Taraplar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini taýýarlyk meselelerini ylalaşmak hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň çäklerinde gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem öňde boljak mejlisi taýýarlamagyň guramaçylyk-protokol taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistan mejlisiň ýokary derejede guralmagyny we üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info