Aşgabat Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görýär

MilliInfo

10 — 12-nji fewral aralygynda Aşgabatda 100-e golaý kompaniýanyň we assosiasiýanyň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna resmi wekiliýete ýolbaşçylyk edýän Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sergi türk kompaniýalaryna öz önümlerini Türkmenistanyň bazarynda tanyşdyrmak we işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmek üçin amatly meýdança döretmäge gönükdirilendir.

Türkmen kompaniýalary ýokary hilli türk harytlary bilen tanyşmak we bu ýurduň firmalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegine baha bermek üçin ähmiýetli gözden geçirilişe çagyrylýar.

Söwda ministri Ömer Bolatyň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info