Aşgabat Hytaýyň işewürlerine garaşýar: Pekinde Türkmen-hytaý biznes-forumynyň tanyşdyrylyşy boldy

MilliInfo

Ozal habar berşimiz ýaly, Pekinde 28-30-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek Türkmen-hytaý biznes-forumynyň we sergisiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. «CODA», «Talwas Ýoly» ÝGPJ, «Oguz Forum Expo» forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edip, olar bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň goldawy bilen geçirýärler.

Nobatdaky çäre ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndan maglumat we ýokary tehnologiýalardan başlap, energetika, oba hojalygy, lukmançylyk, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk we logistika ugurlarynda işleýän 250-den gowrak hytaý kompaniýasynyň wekillerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň arasynda degişli guramalar we türkmen düzümleriniň wekilleri hem boldy.

Duşuşygyň çäklerinde forumyň işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, täze bazarlara çykmak we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin döredýän amaly mümkinçiliklerine uly ähmiýet berildi. Gatnaşyjylar hytaýly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi, şeýle hem önümleri tanyşdyrmak we eksport şertnamalaryny baglaşmak mümkinçilikleri barada maglumat aldylar.

Tanyşdyrylyşa gatnaşan hytaý kompaniýalarynyň wekilleri Türkmen-hytaý biznes-forumyna we sergisine uly gyzyklanma bildirdiler. Bu bolsa anyk gepleşikleri geçirmek we bilelikdäki taslamalara başlamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Foruma Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik meýdança hökmünde garalýar.

Çärä gatnaşmak üçin hasaba alyş «turkmenchina.com» resmi saýty boýunça amala aşyrylýar. Bu bolsa gatnaşyjylara öňünden ýer bellemäge we geljekki hyzmatdaşlar bilen geçiriljek duşuşyklara düýpli taýýarlanmaga mümkinçilik berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info