1-2-nji oktýabrda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) geçiriler. «Turkmen Congress» kompaniýasynyň ýardam bermegi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi bu möhüm işewürlik çäresiniň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Forum häkimiýet edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň we iri maliýe institutlarynyň arasyndaky gepleşikler üçin netijeli meýdança öwrüler. Olaryň arasynda Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) hem-de Beýik Britaniýanyň Eksport-karz agentligi (UK Export Finance) bar.
Işewürlik maksatnamasynyň üns merkezinde energetika, ulag, agrosenagat ulgamy, ekologiýa taslamalary, sanly ykdysadyýet we emeli aňyň ornaşdyrylmagy bolup, panel ara alyp maslahatlaşmalaryndan başga-da, gatnaşyjylara döwlet edaralary bilen göni B2G (işewürlik we döwlet) duşuşyklary, networking hem-de maýa goýmagyň hukuk we maliýe ugurlary boýunça amaly maslahat (seminar) garaşýar.
