«Aşgabat» we «Baýramaly» — 3x3 basketbol boýunça erkekleriň hem zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionlary

MilliInfo

1 Dekabr, 2025

Paýtagtymyzda 3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryş 28 — 30-njy noýabr aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirildi.

16 toparyň gatnaşmagynda geçen oglanlaryň ýaryşynda «Aşgabat» basketbol kluby çempionlyk derejesine eýe boldy.

Final

«Aşgabat» – «Talyp sporty» 21:13

 

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk

«Galkan» – «Türkmenabat» 18:17

 

12 toparyň arasynda geçen gyzlaryň arasyndaky ýaryşda «Baýramaly» kluby ýeňiş gazandy.

Final

«Baýramaly» – «Ak şäher» 16:12

 

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk

«Talyp sporty» – «Altyn Asyr» 17:4 .

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info