Aşgabat we El-Kuweýt durnukly maýa goýum hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň geljegini maslahatlaşdy

MilliInfo

16-njy fewralda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan pudaklarda özara maýa goýumlary artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni özara gatnaşyklaryň durnukly mehanizmlerini döretmäge, şol sanda Türkmenistanyň we Kuweýtiň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin hemişelik platformany döretmäge aýratyn üns berildi. Bu formatyň logistika proseslerini işjeňleşdirjekdigi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirjekdigi nygtaldy.

Amatly geografiki ýerleşişe we uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde strategik ähmiýeti bellenildi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem energetika we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan ediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info