Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystanynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

11 Awgust, 2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystanynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

11-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşyp, köptaraplaýyn meýdançalarda konstruktiw hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça yzygiderli gatnaşyklary we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara taýýarlyk bildirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info