«Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni-tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow hem-de uniwersitetiň rektory B.Mirzaýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda garaşsyzlygyň iki döwletiň durnukly ösüşindäki ähmiýeti, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesi, şeýle hem iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda ýaşlaryň orny bellenildi.
Çäräniň çäklerinde talyplaryň gatnaşmagynda konsert maksatnamasy guraldy. Onda garaşsyzlyga, parahatçylyga, dostluga we iki ýurduň baý medeni mirasyna bagyşlanan türkmen we özbek dillerindäki aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk çäresi dostluk we özara hormat goýmak ruhunda geçip, bilim, medeniýet we ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.