Aşgabat we Tbilisi strategik dialogy pugtalandyrýar: Mejlisiň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

MilliInfo

24-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çaginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurduň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy boldy. 

D.Gulmanowa Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny, hoşniýetli sözlerini we Gruziýanyň halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen tarapy iki ýurduň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, işjeň ösdürilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigi bellenildi. Ýokary derejede guralan saparlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen bilelikdäki resminamalaryň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hem-de dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi bellenildi.

Iki döwletiň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat babatda, şol sanda täze tehnologiýalary dürli pudaklara ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ykdysady ösüşlere oňyn täsir edýär. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-gruzin dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekde täze belentliklere ýetjekdigine ynam bildirildi. 

***

Şol gün türkmen wekiliýeti Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda Gruziýanyň gahrymanlarynyň hormatyna gül dessesini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info