Aşgabat we Tokio strategik hem-de emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

MilliInfo
Aşgabat we Tokio strategik hem-de emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

30-njy awgustda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Žurnalistleriň öňünde Ýaponiýanyň DIM-niň Metbugat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça baş direktory Tosihiro Kitamura çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aralyk netijelerini jemledi we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny mälim etdi.

Ýapon diplomatik edarasynyň wekili öz çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky ynamyň ýokary derejesini nygtady hem-de geljek ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyllygynyň dolýandygyny ýatlatdy.

«Ýaponiýa Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Tokionyň Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan halkara rezolýusiýasyny goldap, oňa awtordaş hökmünde gatnaşmagy bu garaýşyň tassyknamasy boldy» diýip, diplomat belledi.

Brifingde bilelikdäki ýokary tehnologiýaly we bilim başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Ýaponiýa emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi bolýar. Tokio uniwersitetiniň degişli barlaghanasynyň binýadynda onlaýn-okadyş maksatnamalaryny işe girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde emeli aň pudagynda barlaglar we amaly sapaklar üçin maglumat merkezlerini döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň DIM-niň resmi wekili ynsanperwer we medeni alyş-çalşygyň yzygiderli ösüşini hem belledi.

«Ýaponiýada türkmen ýaşlarynyň arasynda ýapon diliniň meşhurlygynyň ýyl-ýyldan artýandygy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirilýär» diýip, Tosihiro Kitamura nygtady.

Çykyş eden wekil Osakadaky «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň uly üstünlik gazanandygyny, onuň baý ekspozisiýasynyň Ýaponiýanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurduň taryhy hem-de döwrebap gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigini aýratyn belledi.

Ýapon diplomaty sözüniň ahyrynda Tokionyň Türkmenistana açyk we erkin halkara tertibini berkitmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny tassyklady hem-de köptaraply gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösmegine tama edýändigini bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info