Aşgabat ýoga muşdaklaryny birleşdirdi: paýtagtymyzda Halkara ýoga güni bellenildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabat ýoga muşdaklaryny birleşdirdi: paýtagtymyzda Halkara ýoga güni bellenildi

Her ýylyň 21-nji iýunynda paýtagtymyzyň «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerijileriň duşuşýan mekanyna öwrülýär. Geçen ýekşenbe güni hem bu ýere aşgabatlylaryň 300-den gowragy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri Halkara ýoga gününi baýram etmek üçin ýygnandylar. Dabarany Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde gurady.

Dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem bu gün 2015-nji ýyldan bäri bellenip gelinýär. Hindistan tarapyndan teklip edilen Halkara ýoga gününi döretmek baradaky Kararnama 2014-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň 175-si tarapyndan goldanyldy.

Ýoga diňe bir fiziki işjeňlik bolman, eýsem, öz-özüň, daşky gurşaw we tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagynyň usulydyr. Şonuň üçin hem, Türkmenistanda ýoga bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şunda Aşgabatdaky müňden gowrak adamy özünde jemleýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň işi möhüm ähmiýete eýedir.

2026-njy ýylyň «Sagdyn uzak ömürlilik üçin ýoga» şygary astynda geçen Halkara ýoga gününiň dabaralaryna dolanyp gelsek, baýramçylygyň öňüsyrasynda uly monitorda bu senäniň dünýäniň dürli ýurtlarynda bellenilişi baradaky wideorolikler görkezildi.

Çäräniň açylyşynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Görkezme çykyşlaryndan soň, köpçülikleýin türgenleşige gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň açyk meýdançasynda birnäçe maşklar toplumyny ýerine ýetirdiler.

Hindistanyň Ilçisi Bandaru Wilsonbabu dabaranyň barşynda beren düşündirişinde Türkmenistanda ýoganyň meşhurlygynyň artýandygyna diýseň begenýändigini belledi. Sebäbi ýoga diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesi bolman, eýsem, köp sanly keselleri bejermekde, syrkawlykdan soň dikeldiş işlerinde, şeýle hem stresden goranmakda we ondan saplanmakda örän täsirli usuldyr.

Ýoga adamlary birleşdirýär, ol diňe bir sagdyn uzak ömürlilige däl-de, eýsem, çylşyrymly dünýämizde parahatçylygyň we sazlaşygyň durnukly bolmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Türkmenistanyň Hökümetine ýurduň ähli sebitlerinde ýoganyň ösdürilmegine berýän uly goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Aşgabadyň ýaşaýjylaryny Hindistanyň ilçihanasynda hem-de «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde geçirilýän gündelik mugt ýoga sapaklaryna çagyrdy.

Jenap Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistany köpasyrlyk taryhy baglary we dostlukly gatnaşyklary bolan ýakyn hyzmatdaş döwlet hasaplaýandygyny belledi.

«Gelejekde Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda has-da gülläp ösjekdigine ynanýaryn» diýip, ilçi nygtady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info