Şu ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Çäre Türkmenistandan we daşary ýurtlardan kompaniýalary, hünärmenleri, pudaklaýyn guramalary hem-de degişli ulgamlaryň wekillerini bir ýere jemlär.
Serginiň esasy maksady döwrebap tehnologiýalary, täze çözgütleri, tejribeleri we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi öňe çykarmakdan ybaratdyr.
Üç günüň dowamynda giň sergilik meýdançasynda ajaýyp sergi, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň pikir alyşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary hem-de ussatlyk sapaklary geçiriler.
Saglygy goraýyş ugry boýunça iç keselleri, newrologiýa we dikeldiş bejergisi, kardiologiýa, kardiologiýanyň we ýürek-damar hirurgiýasynyň döwrebap kliniki teswirnamalary, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, hirurgiýa, jemgyýetçilik saglygy goraýşy we epidemiologiýa, sanly lukmançylyk, barlaghana hem-de funksional-diagnostika barlaglary, ýokanç däl keselleriň patofiziologik meseleleri we sagdyn bedeniň fiziologiýasy, plastik we rekonstruktiw hirurgiýa, estetiki lukmançylyk ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Bilim ugry boýunça bilim ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, ylym we innowasion tehnologiýalar, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sanly ykdysadyýet ýaly meselelere serediler.
Sport we ylym ugry boýunça sport ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar, milli ýygyndy toparlaryny öňde boljak Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary, olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar ýaly meseleler öwreniler.
Gatnaşyjylar lukmançylyk tehnologiýalaryndan we farmasewtikadan başlap, bilim maksatnamalaryna, sport enjamlaryna, fitnese we dikeldiş çärelerine çenli dürli ugurlarda öz çözgütlerini hödürlemäge, göni işewür aragatnaşyklary ýola goýmaga we Türkmenistanda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmaga şert alarlar.
Üç ugur. Üç gün. Şol bir halkara meýdança.
Çäre barada has giňişleýin maglumat üçin:
