Aşgabat şäheriniň güni uludan toýlanýar: esasy çäreleriň maksatnamasy

MilliInfo

21 Maý, 2026

Aşgabat şäheriniň güni uludan toýlanýar: esasy çäreleriň maksatnamasy

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda giň gerimli baýramçylyk maksatnamasy ýaýbaňlandyrylar. Myhmanlara we şäher ýaşaýjylaryna Aşgabadyň şähergurluşyk boýunça üstünliklerine, durmuş-ykdysady ösüşine hem-de geljegine bagyşlanan konsertler, sergiler, işewürlik forumlary we okuw maslahatlary hödürlener.

24–25-nji maýda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara sergi we maslahat baýramçylygyň iň möhüm çäresine öwrüler. Bu çäreleriň esasy temalary binagärlik, innowasiýalar we durnukly ösüş ýaly ugurlardan ybaratdyr.

Baýramçylyk çäreleriniň tertibi:

  • 21-nji maý (sagat 10:00) — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Arzuwlaryň Ak şäheri» atly serginiň açylyşy.

  • 21-nji maý (sagat 11:00) — Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Aşgabat – Watanymyzyň göwher gaşy» atly tematiki serginiň açylyşy.

  • 24-nji maý (19:00) — Mukamlar köşgünde «Sessiz kino we janly saz» atly täsin konsert. Rasuly Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri Çarli Çapliniň rowaýata öwrülen «Çagajyk» (1921 ý.) filmini janly saz bilen bezär.

  • 25-nji maý (19:00) — «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti.

Baýramçylyk günleriniň dowamynda paýtagtymyzyň teatrlary hem özleriniň iň gowy drama we sazly spektakllaryny tomaşaçylara hödürlärler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry

  • 23.05.2026: «Saňa ýalan, maňa çyn» 19:00;

  • 24.05.2026: «Yşgyň gämisi» 19:00.

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

  • 23.05.2026: «Durmuş diňe düýş däl» 19:00;

  • 24.05.2026: «Körpe gelin» 19:00.

 

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

  • 22.05.2026: «Gyzyl alma» 19:00;

  • 23.05.2026: «Yşk mekany Hisndistan» 19:00;

  • 24.05.2026: «Oýun bir maza iki» 19:00.

 

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

  • 23.05.2026: «Маша и Медведь» 12:00;

  • 23.05.2026: «Ханума» 19:00;

  • 24.05.2026: «Золушка» 11:00; 13:00;

  • 24.05.2026: «Сестры» 19:00.

 

Türkmen döwlet gurjak teatry

  • 23.05.2026: «Towşanjygyň öýi» 17:00;

  • 23.05.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;

  • 24.05.2026: «Maşa we Aýy» 12:00; 17:00;

  • 24.05.2026: «Jüýteniň toýy» 19:00.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info