Aşgabat III Halkara matematika olimpiadasyny kabul eder

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 8—13-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär:

A derejä 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylary, olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp biler;

B derejä ýaşy 15,5-den geçmedik okuwçylar gatnaşyp biler.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar we olaryň topar ýolbaşçylary 15-nji ýanwaryndan 1-nji aprele çenli hasaba alynýar.

 

Habarlaşmak üçin guramaçylyk topary:

 Telefon:

 +99312 448409, 

+99312 398550,

+99365 809906.   

 Email: turkmenmatholymp@gmail.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info