Aşgabatda 2027-nji ýylda SPE-niň Hazar tehniki maslahatyny geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

MilliInfo
Aşgabatda 2027-nji ýylda SPE-niň Hazar tehniki maslahatyny geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini birleşdirjek öňdebaryjy halkara guramalaryň biri bolan Nebitçi inženerleriň jemgyýetiniň (Society of Petroleum Engineers — SPE) wekiliýeti ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, milli inženerçilik kuwwatyny berkitmegiň, şeýle hem 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde SPE-niň Hazar tehniki maslahatyny geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar 2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasynda guraldy.

Wekiliýetiň düzümine SPE-niň 2025-nji ýyldaky prezidenti Oliwýe Uze (Olivier Houzé), guramanyň sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek we çäreleri guramak boýunça wekili Grigoriý Zaraýskiý, şeýle hem SPE-niň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebit direktory wezipesine saýlanan Ali Nagiýew girdiler.

Saparyň dowamynda SPE-niň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, öňdebaryjy tehniki bilimleri we önümçilik tejribesini alyşmak, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem SPE-niň Türkmenistandaky bölüminiň işini giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanda iş alyp barýan «Dragon Oil», «PETRONAS», «Eni» we «CNPC» ýaly iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda hünär hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň, Türkmenistanda zähmet çekýän inžener-tehniki işgärleriň SPE tarapyndan guralýan bilim, ylmy we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryna gatnaşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tehniki ugur boýunça geçirilen tegelek stol maslahatynda hyzmatdaşlygyň täze ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

9-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda SPE-niň Türkmenistandaky bölüminiň başlygy Nazar Atajanowyň ýolbaşçylygynda tehniki ugur boýunça tegelek stol maslahaty geçirildi.

Maslahata nebitgaz pudagynyň inženerleri, alymlar, ylmy işgärler we SPE-niň halkara hünärmenler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda nebitgaz pudagynyň öňünde durýan möhüm ylmy-tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info