Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi (GOÝÇSM) öz toparlaryna 2018-nji ýylda doglan ýetginjekleri kabul edýändigini yglan edýär.
Türgenleşikleriň saýlama işleri 7-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler. Diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin saýlama synaglary 8:00-dan 11:00-a çenli dowam eder.
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» köpugurly stadiony.
Ýaş futbolçylar ýany bilen sport eşiklerini (futbol oýnamak üçin zerur bolan egin-eşikler), dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny hem-de 3х4 sm ölçegdäki suratyny getirmelidir.
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgisi boýunça habarlaşyp bilersiňiz: +99365049248.
Futbol toparynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligini elden gidermäň!

