Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar

MilliInfo
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli bolan Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.

Boş iş orunlaryna dalaşgär bolmak isleýän raýatlarda «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy esasy talaplaryň biri bolup durýar. Şol bir wagtda işe ýerleşmek üçin ýaşaýan ýer boýunça hiç hili çäklendirme goýulmaýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan raýatlar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.

Kärhananyň wekilleriniň bellemegine görä, häzirki döwürde ulag hyzmatlarynyň möçberiniň artmagy we logistika ulgamynyň giňemegi bilen baglanyşykly hünärmenlere bolan isleg hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, tejribeli sürüjilerden ybarat topary giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda halkara ulag-logistika ulgamynda öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Ýurduň amatly geografiki ýerleşişi, döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem-de logistika merkezleriniň sanynyň artmagy ulag pudagynyň ösüşine täze mümkinçilikleri döredýär. Bu özgertmeler diňe bir ykdysady ösüşe itergi bermän, eýsem, täze we durnukly iş orunlarynyň döredilmegine hem şert döredýär.

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy bolsa bu ösüşiň bir bölegi hökmünde jogapkärli we tejribeli sürüjileri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Kärhanada hödürlenilýän iş şertleri we mümkinçilikleri barada goşmaça maglumat almak isleýänler +993 12 76-06-19 ýa-da +993 12 76-02-56 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info