Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar

MilliInfo

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.

Işe girmek isleýänler üçin ýaşaýan ýeri boýunça çäklendirme ýok.

Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ýaşaýjylary hem resminamalaryny tabşyryp bilerler.

Gyzyklanma bildirýänler şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:

76-06-19

76-02-56

Munuň özi ulag-logistika hyzmatlarynyň geriminiň giňemegi bilen, işleri has-da kämilleşdirmek ugrundaky tagallalaryň beýanydyr. Şeýlelikde, Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşjak, jogapkärli we tejribeli sürüjileri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info