Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.
Işe girmek isleýänler üçin ýaşaýan ýeri boýunça çäklendirme ýok. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary bu wezipe üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler.
Gyzyklanma bildirýänler şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:
76-06-19
76-02-56