Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary nusgawy aýdym-sazlaryň konsertine çagyrylýar

MilliInfo

26 Sentýabr, 2025

Halkara aýdym-saz güni asylly dessura görä, bu ýyl hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda bellener.

Şol sebäpden hem, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary 1-nji oktýabrda 18:30-da konserwatoriýanyň uly zalynda geçiriljek nusgawy aýdym-sazlaryň konsertine çagyrylýar.

Kamera ansambly kafedrasy tarapyndan taýýarlanan konserte Türkmenistanyň pedagoglary we meşhur artistleri gatnaşarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info