20-nji oktýabra geçilen gije futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty (U20) jemlendi. Santýagonyň (Çili) «Nasonal — Hulio Martines Pradanos» stadionynda geçen finalda Argentinanyň hem-de Marokkonyň ýaşlar ýygyndylary duşuşdy. Oýun marokkolylaryň ýeňşi bilen tamamlandy — 2:0. Şunlukda, ýaşlaryň dünýä çempionaty – 2025-iň garaşylmadyk çempiony Demirgazyk Amerikanyň wekili — Marokko boldy. «Atlas arslanlary» şeýle üstünlige taryhda ilkinji gezek eýe bolýarlar.
Ýeňşe ýeten toparyň gollaryny 20 ýaşly hüjümçi Ýassir Zabiri geçirdi. Ol bu oýunda eden dubly bilen duşuşygyň gahrymany boldy. Futbolçy 19-njy minutda toparyny öňe çykarsa, 29-njy minutda derwezä gönükdiren urgusy bilen marokkolylarda nobatdaky çempionlyga ynam döretdi.
Ýeri gelende ýatlasak, 2023-nji ýylyň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Urugwaýyň ýygyndysy çempion bolupdy. Ýaryşyň iň köp ýeňiş gazanan topary bolsa alty gezek çempion bolan Argentinanyň ýygyndysydyr.

