Astrahanda «Magtymguly Pyragy» atly türkmen çeper filmi görkezildi

MilliInfo

23 Awgust, 2025

21-nji awgustda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäheriniň «Ilýuzion» kinoteatrynda «Magtymguly Pyragy» atly türkmen çeper filmi görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly, «Hazar mediaforum – 2025» çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de Astrahan oblastynyň çäginde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Kino görkezilmezinden öň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy habarçysy A.Ataýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkmenistanyň medeni mirasynda uly ähmiýete eýe bolýandygyny we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belläp geçdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo