Ata Atdaýew «UAE Warriors» ligasyndaky 8-nji professional tutluşygyna çykýar

MilliInfo

15 Oktýabr, 2026

Ata Atdaýew «UAE Warriors» ligasyndaky 8-nji professional tutluşygyna çykýar

Ýene sanlyja günden — 22-nji oktýabrda söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Ata Atdaýew nobatdaky tutluşygyny geçirýär. Ildeşimiz «UAE Warriors» ligasynyň Abu-Dabi şäherinde guraljak ýaryş agşamynda 57 kilogram agram derejesinde özbegistanly Behzod Abdurahimowyň garşysyna çykar.

Munuň Ata Atdaýewiň 8-nji professional söweşidigini bellemek gerek. Ol ozalky duşuşyklarynyň ýedisini hem ýeňiş bilen jemledi. Zehinli türkmen ýigidi «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda hem dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolupdy.

Ildeşimiz öňde boljak duşuşyga Aşgabat şäherinde ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görýär.

Ýeri gelande bellesek, häzirki wagtda 7 ýeňşe eýelik edýän özbek söweşijisi diňe bir tutluşygynda ýeňlişe sezewar bolupdy. Tejribeli dzýudoçy hasaplanýan türgen Abdulmanap Nurmagomedowyň söweş zalynda türgenleşýär. Bu bolsa öňde boljak tutluşygyň dartgynly geçjekdigini görkezýär.  

Biz türkmen türgenine «UAE Warriors» ýaryş agşamynda geçirjek möhüm tutluşygynda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info