MMA söweş sungatlarynyň türkmen ussady Ata Atdaýew Abu-Dabi şäherinde geçirilen «UAE Warriors» ýaryş agşamynda täjigistanly Jafaraly Nuraliýewi ýeňlişe sezewar etdi.
Türkmen söweşijisi oktagondaky duşuşygy başyndan ahyryna çenli öz elinde saklady. Güýçli basyşy, takyk hereketleri we ýokary derejeli göreş usuly bilen tapawutlanan ildeşimiz 2-nji raundda «Rear Naked Choke (RNC)» boguş emeli arkaly garşydaşyny boýun egmäge mejbur etdi.
Şeýlelikde, «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolan ildeşimiz «UAE Warriors» guramasyndaky altynjy professional tutluşygyny hem ýeňiş bilen jemledi. Munuň özi Ata Atdaýewiň ýeňlişsiz ýolunyň has-da uzaýandygyny tassyklaýar. Çünki indi onuň hasabynda 6 ýeňiş bar.
Zehinli türgen bu duşuşyga ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda ýokary derejede taýýarlyk gördi.
Ýeri gelende bellesek, ildeşimiz bu duşuşygy Hamzat Çimaýewiň dosty Abdurahman Nasruddinow bilen geçirmelidi. Emma onuň şikes almagy türkmen ýigidiniň nobatdaky garşydaşy jökmünde täjik türgeniniň saýlanmagyna sebäp boldy.