«CNN» internet portalynyň habar bermegine görä, alymlar üç aýlyk ekspedisiýanyň netijesinde Atlantik ummanynyň aşagyndan süýji suwuň ägirt uly howdanyny tapdylar. Bu süýji suw gory ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda, has takygy ummanyň Nýu-Jersiden Men ştatynyň demirgazygyna çenli ýaýylyp gidýän ýerinden tapyldy. Burawlaýjylar bu suw goryny tapmak üçin 400 metre çenli çuňlukdaky guýulary burawlamaly boldular. Olar bu meýilnamany «Ekspedisiýa 501» diýip atlandyrdylar.
Hünärmenler şunuň ýaly giň suw gorlarynyň beýleki yklymlaryň kenarlarynda hem bolup biljekdigini we global agyz suw ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Häzirki wagtda bu täze süýji suw gorunyň gelip çykyşy we ýaşy belli däl. Alymlar muny kesgitlemek üçin iş alyp barýarlar. Munuň netijesinde, çeşmäniň täzelenip bilinjekdigini ýa-da ýokdugyny kesgitlärler. Şeýle hem howpsuzlyk meselesini, tapyndynyň bahasyny, iň esasysy bolsa daşky gurşaw töwekgelçiligi bilen bagly meseleleri öwrenýärler.
BMG-niň maglumatlaryna görä, geljekki bäş ýylyň dowamynda dünýäde süýji suwa bolan islegiň 40% artjakdygy çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa deňiz derejesi ýokarlanýar we kenarýaka suw çeşmeleri hapalaýar. Şunuň netijesinde hem senagatda suwuň sarp edilişi ýokarlanýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu suw gory 20 million ilatly bir şäheri ýa-da ýurdy 800 ýyllap süýji suw bilen üpjün etmäge ýeterlikdir.

