Şu gün, 3-nji dekabrda Ispaniýanyň La Ligasynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde Bilbaonyň «Atletik» we Madridiň «Real» toparlary duşuşar. Oýun Bilbaodaky «San-Mames Barriýa» stadionynda geçiriler.
Oýun Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar. Duşuşyga «Match TV» we «Match! Futbol 2» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.
Häzirki wagtda «Real» 33 utuk bilen La Liganyň ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär we sanawyň başyny çekýän «Barselonadan» 4 utuk yza galýar. Ilkinji üçlügi «Wilýarreal» (32) jemleýär.
«Atletik» bolsa 20 utuk bilen sekizinji orunda ýerleşýär.
