2026-njy ýylyň awgusty astronomiýany söýüjiler üçin üýtgeşik aý bolar

MilliInfo

2 sagat öň

2026-njy ýylyň awgusty astronomiýany söýüjiler üçin üýtgeşik aý bolar

2026-njy ýylyň awgusty astronomiýa muşdaklaryna birbada birnäçe seýrek asman hadysasyny peşgeş berer. Aýyň dowamynda doly Günüň tutulmagy, iň meşhur meteor akymlarynyň biri bolan Perseidleriň iň ýokary nokady we bölekleýin Aýyň tutulmagy bolar. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

12-nji awgust wakalara iň baý gün bolar. Şol gün doly Günüň tutulmagy, täze Aýyň dogmagy we Perseid meteor akymynyň iň ýokary işjeňligi, takmynan, bir wagtda bolar. Doly Günüň tutulmagy 12-nji awgustda başlanar. Aý Ýer bilen Günüň arasyndan geçer we dünýäniň käbir sebitlerinde Gün diskini dolulygyna ýapar.

Tutulma wagtynda Aý Ýerden, takmynan, 359 müň kilometr uzaklykda ýerleşer, şonuň netijesinde hem, onuň görünýän ululygy adatdakysyndan biraz uly bolar. 12-nji awgustdan 13-nji awgusta geçilýän gije bolsa ýylyň iň ýagty ýyldyz süýnmeleriniň biri bolan Perseid meteor akymynyň iň ýokary (pik) nokady gelip ýeter.

Özboluşly «planetalaryň baýramy» bolsa asmana goşmaça bezeg berer — asmanda Neptuny, Saturny, Urany, Marsy, Merkurini we Ýupiteri synlap bolar. Şu ýyl şeýle hadysalara syn etmek üçin şertler aýratyn amatly bolar, sebäbi Perseidleriň iň ýokary nokady täze Aýyň dogmagy bilen gabat geler we ýagty Aý şöhlesiniň bolmazlygy has pes ýagtylykly meteorlary hem görmäge mümkinçilik berer.

Hünärmenler syn etmek üçin şäher yşyklandyryşyndan uzakdaky, asman gözýetimi açyk bolan ýerleri saýlamagy maslahat berýärler.

Aýyň ahyrynda ýene bir asman hadysasyna garaşylýar. 27-nji awgustdan 28-nji awgusta geçilýän gije bölekleýin Aýyň tutulmagy bolar. Ol dünýäniň köp sebitlerinde görner. Hadysanyň käbir tapgyrlary Günüň dogmagy we Aýyň ýaşmagy bilen gabat gelip biler, bu bolsa onuň aýdyň görünmegine täsir eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info