Belarusyň «Belawia» awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň 24-nji martyna çenli Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça awiapetekleriň satuwyny açdy. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Ýokary bilim almak üçin Belarusy saýlan türkmen talyplarynyň arasynda bu ugur uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar we fewral aýlaryndaky gyşky dynç alyş döwri üçin awiapetekleri eýýäm häzirden satyn alyp bolýandygyny ýatladýarys.
Şunlukda, ýolagçylara amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Belawia» awiakompaniýasynyň ähli petek satuw nokatlarynda aşakdaky hyzmatlar hödürlenilýär:
«Belawia» awiakompaniýasynyň islendik gatnawyna we ugruna petekleri öňünden sargyt etmek (bronlamak) hem-de satyn almak;
Awiakompaniýanyň göni hem-de utgaşykly gatnawlaryna petekleri satyn almak;
Uçuş senesini we ugruny üýtgetmek.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy we Minsk şäherleriniň arasyndaky yzygiderli gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylýar:
Türkmenbaşy — Minsk: çarşenbe we ýekşenbe günleri;
Minsk — Türkmenbaşy: sişenbe we şenbe günleri.
«Belawia» awiakompaniýasy bilen oňaýly syýahat ediň!
Petekleri «Turkmen Tourist» ykjam goşundysyndan, şeýle hem Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefonlar: 21-04-36; (+993) 65 641661
Salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 76
E-poçta: nabat.atayeva@tpstravel.co
Satuw ofisleriniň salgylary:
Garaşsyzlyk şaýoly, 76 («Olimp» ýazgyly jaý, 1-nji gat); telefonlar: +993 12 210436, +993 65 641661, +993 65 092885.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň baş agentligi, Oguzhan köçesi, 211; 1-nji gat, 1-nji kassa; telefon: +993 12 391717.
«Gülzemin» söwda merkezi, 1-nji gat, «SARAY» bölümi («DeFacto» dükanynyň ýany); telefonlar: +993 71 777222, +993 71 777666.
G.Gulyýew köçesi (2127), 39-njy jaý, «Ussat» söwda merkezi, 1-nji gat; telefonlar: +993 71 291144, +993 71 291166.
Welaýatlar:
Balkan welaýaty:
Türkmenbaşy halkara howa menzili, Türkmenbaşy ş., Awaza etraby; telefon: +993 243 30025.
Türkmenbaşy ş., Bahry Hazar köçesi, «Çarlak» myhmanhanasy, 1-nji gat.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Awtomenzil, 1-nji gat; habarlaşmak üçin telefon: +993 222 70960.
Daşoguz welaýaty:
Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 12-nji jaý; telefon: +993 332 91221.
Lebap welaýaty:
Türkmenabat halkara howa menzili, Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda; telefonlar: +993 422 94600, +993 422 94647.
Kerki halkara howa menzili, Kerki ş.; telefon: +993 444 25999.
Mary welaýaty:
Mary halkara howa menzili, Mary ş., aýlawly ýoluň ugrundaky täze awtomenzil (74-nji «Altyn Asyr» dükanly jaý), 1-nji gat; telefon: +993 522 52777.
Mary ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý; telefonlar: +993 63 777162, +993 62 985389.
Sakarçäge etraby, Baýnazarow köçesi (aýlawly ýol); telefonlar: +993 63 777162, +993 64 460987.
Baýramaly ş., Ak bazar köçesi, «Täsin» duralgasy; telefonlar: +993 63 777162, +993 71 611607.
Türkmengala ş., Watan köçesi; telefonlar: +993 63 777162, +993 62 864454.