Belarusyň «Belavia» awiakompaniýasy uly islegden peýdalanýan Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça tomusky gatnaw tertibine geçýändigini yglan etdi. Howa gämileriniň täzelenen gatnaw tertibi 31-nji martda güýje girer we 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Şeýlelikde, Belarusyň paýtagty bilen Türkmenistanyň deňiz merjeniniň arasyndaky yzygiderli uçuşlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we ýolagçylar üçin amatly logistikany üpjün etmekde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär.
Täze tertibe laýyklykda, Minskden Türkmenbaşy şäherine B2 0745 belgili gatnaw hepdede iki gezek — sişenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Belarusyň paýtagtyndan ugraýan uçar sagat 22:50-de ýola düşse, ertesi gün sagat 04:55-de Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geler. Ýoluň umumy dowamlylygy dört sagat on minut bolar, bu bolsa syýahatçylaryň säher bilen Türkmenistana gelmegine we gündizki wagtyny netijeli ulanmagyna mümkinçilik döreder.
Türkmenbaşydan Minsk şäherine gidýän B2 0746 belgili uçuş çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Uçar Türkmenistandan sagat 05:55-de ugrar we ýerli wagt bilen sagat 08:05-de Minske barar. Bu ugurda awiakompaniýa ýokary derejeli howpsuzlygy we hyzmaty üpjün edýän döwrebap «Embraer 195» kysymly laýnerleri ulanar.