«S7 Airlines» awiakompaniýasy Aşgabatdan täze gatnawy ýola goýýar

MilliInfo

«S7 Airlines» awiakompaniýasynyň saýtynda täze ugur — Nowosibirsk (OVB) — Aşgabat (ASB) — Nowosibirsk (OVB) gatnawy üçin petekleriň satuwy başlandy. Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap, her hepdäniň sişenbe günleri amala aşyrylar.

Nowosibirskiň «Tolmaçýowo» howa menzilinden 00:55-de ugrajak uçar ýerli wagt bilen sagat 03:00-da Aşgabada gonar. Uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minuta deňdir.

Ýolagçylara goşlary gatnatmak, petekleri çalyşmak we yzyna tabşyrmak boýunça dürli şertli nyrhnamalar (tarifler) hödürlenýär. Şeýle hem goşmaça hyzmatlar: anyk ýeri bellemek (bronlamak) we hyzmat derejesini (klasyny) ýokarlandyrmak mümkinçilikleri elýeterlidir.

Aşgabatdan Nowosibirske gaýdyş uçuşy hem sişenbe günleri amala aşyrylar. Uçaryň sagat 04:30-da uçmagy we 10:15-de barmagy meýilleşdirilýär. Ýolda geçilmeli wagt — 3 sagat 45 minut. Gatnawlary amala aşyrmak üçin «Airbus A320» howa gämileri ulanylar.

Nowosibirskiň nobatdaky ugur hökmünde saýlanyp alynmagy bu şäherde awiadaşaýjynyň iň uly transfer binýadynyň ýerleşýändigi bilen baglydyr. «S7» awiakompaniýasy Nowosibirskiň «Tolmaçýowo» howa menzilinden Russiýanyň onlarça şäherine uçuşlary amala aşyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info