«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň şu ýylyň 25-nji oktýabryndan başlanjak täze tertibini müşderiler ýetirdi.
Täze tertibe görä, türkmen paýtagtyndan Delä uzaýan uçuşlaryň sany azaldylar. Häzirki wagtda hepdede üç gezek amala aşyrylýan uçuşlaryň biri tertipden aýrylar. Ozal iki gezek amala aşyrylan Aşgabat — Hoşimin uçuşlary bolsa artdyrylar we üçe ýetiriler.
Paýtagtymyzdan Seula uçuş ozal bir gezek ýerine ýetirilen bolsa, indi hepdede iki gezek amala aşyrylar. Italiýanyň Milan şäherine uçuşlar hem artdyrylar. Olaryň sany ikiden üçe çykarylar.
Kazana uçuşlar ozal dört gezek guralýardy. 25-nji oktýabrdan başlap olaryň hepdede alty gezek ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Aşgabat — Stambul uçuşlarynyň sany hem köpeldiler. Öň 12 gezek ýerine ýetirilen gatnawlar oktýabryň ahyryndan 13 gezek amala aşyrylyp başlanar.
Şol şäherlerden paýtagtymyza tarap gaýdýan uçuşlar hem şol tertipde amala aşyrylar.
