25-nji ýanwardan Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy halkara gatnawlaryny amala aşyrmagyň täze tertibine geçdi. Bu barada «THP» habar berdi. Şeýlelikde, Aşgabatdan Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogara jemi 14 ugur boýunça göni uçuşlar ýola goýuldy.
Uçuşlar nirelere amala aşyrylýar?
Häzirki wagtda Aşgabatdan aşakdaky şäherlere göni uçuşlar guraldy:
Aziýa sebiti: Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Seul (Koreýa Respublikasy) we Deli (Hindistan).
Ýewropa: London (Beýik Britaniýa), Frankfurt (Germaniýa) we Milan (Italiýa).
Ýakyn Gündogar: Dubaý (BAE), Abu-Dabi (BAE) we Jidda (Saud Arabystany).
Beýleki ugurlar: Stambul (Türkiýe) we Kazan (Russiýa).
Täze tertibe laýyklykda, uçuşlaryň sany ugurlara bolan islege görä paýlanyldy. Uçuşlaryň we gonuşlaryň takyk wagty baradaky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan öwrenip bilersiňiz. Şol ýerde eýýäm täzelenen tertip çap edildi. Awiakompaniýanyň belleýşi ýaly, täze tertip iri ykdysady merkezler bilen durnukly howa gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir.