«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaý we Jidda ugurlary boýunça uçuşlaryň 1-nji aprele çenli togtadylýandygyny yglan edýär

MilliInfo

9 sagat öň

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 9-nji martdan 1-nji aprele çenli togtadylýandygy barada habar berdi:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Jidda — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylaryň awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmagy maslahat berýäris. Şeýle-hem, https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasynda we online platformalarynda satyn alnan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy yglan edildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän howa gatnawlaryň ýagdaýlary baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlamagyňyzy haýyş edýär.

Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar we ýagdaýa düşünýändikleri üçin müşderilerine minnetdarlyk bildirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Jidda:
• Telefon belgisi: +90 545 575 15 83
• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com
2. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
3. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info