Güýzüň mahmala meňzedilýän ýumşak howaly günleri ahyrlap barýar. Şunlukda, täze iş tertibinden görnüşi ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan Aşgabat—Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik howa gatnawlaryny üçden iki uçuşa çenli azaldýar.
Beýleki içerki gatnawlaryň ýygylygy bolsa öňküligine galýar.
Awiakompaniýa degişli talaplar bilen baglylykda, uçuş wagtynyň üýtgäp biljekdigini belleýär. Şonuň üçin hem, ýolagçylara uçuşlar baradaky häzirki maglumatlary öňünden anyklamak maslahat berilýär.

