Maýkl Jordanyň hem-de Kobi Braýantyň şahsy goly 12,9 million dollara satyldy

MilliInfo

31 Awgust, 2025

«Heritage Auctions» auksion öýünde meşhur türgenleriň gollary çekilen hem-de olar bilen bagly täsirli aýratynlyklary beýan edýän seýrek basketbol kartlarynyň söwdasy hödürlendi.

Auksionyň esasy wakasy Maýkl Jordanyň hem-de Kobi Braýantyň 12,9 million dollar baha kesilen golly kartalarynyň satuwy boldy.

Bu pul mukdary ozalky rekord görkezijiden — 2022-nji ýylda bellige alnan 1952-nji ýylyň «Topps Mickey Mantle» rekordyndan hem ýokarydyr. Şonda ol 12,6 million dollara ýerlenipdi.   

Karta Jordanyň hem-de Braýantyň portret suratlaryny, olaryň şahsy gollaryny, ýyldyzlaryň oýun eşikleriniň logotiplerinden aýratynlyklary, şeýle-de Maýkl Jordanyň eksklýuziw altyn reňkli nusgada taýýarlanan basketbol eşiginiň böleklerini öz içine alar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo