Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen hormatly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi

MilliInfo

Düýn — 6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen belent mertebeli myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşyk

Söhbetdeşler deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Amala aşyrylýan özara saparlar, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler munuň aýdyň güwäsidir.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ermeni döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem-de eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler hem-de ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşyk

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

“Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi (ada) we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizuik Usi bilen duşuşyk

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurdumyzyň Malawi Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň halkara giňişlikde abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler we şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklarda möhüm tapgyr boljakdygyna, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we Türkmenistan bilen tanyşlygyň bolsa özara hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem taraplar häzirki wagtda energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşyk

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar bilen, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gambiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlary bilen tanyşjakdygyny hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşjakdygyny belläp, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, sungat we döredijilik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gambiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Gambiýanyň wise-prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşyk

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr.

“Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gazhimiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşyk

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşyk

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we ýurdumyzyň Nepal bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak boýunça iki ýurduň hem giň mümkinçilikleri bar.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, sungat we döredijilik ugrundaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň hem möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Nepal bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo