«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ildeşlerimize garaşýar. Dynç almak üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan Awazanyň myhmanhanalary, şypahanalary, seýilgähleri şeýle-de çagalar üçin oýun meýdançalary watandaşlarymyzy kabul etmäge doly derejede taýýardyr. Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, gaýtalanmajak gözlligi bilen dünýäni haýrana goýýan Awazadaky gyzykly şüweleňler siziň dynç alşyňyzy iň ýakymly ýatlamalar bilen bezär.
Eziz watandaşlar!
Bu ýerdäki ajaýyp myhmanhanalar sizi dynç almaga çagyrýarlar. Olar size iň ýokary derejedäki döwrebap hyzmatlary hödürlär. Hazar deňziniň jana şypaly howasy saglygyňyzy berkitmäge mümkinçilik berer.

