BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guraljak hususy pudagyň forumy hem ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň dünýäniň üpjünçilik ulgamyna goşulyşmagy üçin ajaýyp meýdançany hödürlär. Hususy pudagyň forumy 5-6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Maslahatyň çäklerinde telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen mejlisler we çäreler guralar. Türkmen telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder.
Türkmenistan halkara ykdysady başlangyçlaryň merkezinde
Forum deňiz çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň durnukly ösüşinde işewürligiň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly platforma hökmünde çykyş eder. Bu ýurtlar 606 million adamy jemleýär we 2060-njy ýyla çenli dünýäniň şol sebitleriniň umumy ilatynyň bir milliarddan geçmegine garaşylýar.
Forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi:
Birleşen Milletler Guramasynyň ösüşi iň pes bolan ýurtlaryň meseleleri boýunça Ýokary wekiliniň edarasy
Forumyň esasy temalary
Gatnaşyjylara panel maslahatlaşmalary, sergiler, iş duşuşyklary we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda ykdysady ösüşiň esasy meselelerine bagyşlanan ýörite çäreler garaşýar:
Söwda we tranzit: nädip logistikany ösdürmeli we «söwda izolýasiýasyny» ýeňip geçmeli?
Ösüşiň mümkinçilikleri: bu ýurtlaryň baý çeşmelerini we syýahatçylyk mümkinçiliklerini nädip ulanmaly?
Sanly üýtgeşme: haýsy sanly çözgütler dünýäniň global ykdysadyýetinde integrasiýany çaltlaşdyryp biler?
Maliýeleşdirmek we maýa goýmak: infrastruktura maýa goýumlaryna nädip 500+ milliard dollar çekmeli?
Garaşylýan netijeler
Forumyň jemi boýunça meýilleşdirilýär:
Hususy pudagyň ileri tutulýan resminamalaryny anyk teklipler bilen taýýarlamak:
Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy we başlangyçlary hödürmek;
Işewürlik tagallalaryny utgaşdyrmak üçin LLDC Global biznes-torunyň işe girizilmegi.
Näme sebäpden möhüm?
Forum gatnaşyjylara hödürleýär:
Taslamalaryňyzy halkara derejesinde hödürlemek mümkinçiligi;
Dünýäniň liderleri we BMG-niň wekilleri bilen göni dialog;
Maýa goýum ideýalaryna we aragatnaşyklaryna elýeterlilik;
Täze başlangyçlary we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin platforma.
Forum hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.un.org/en/landlocked/participate