Düýn — 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.
Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, halkara maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdy.
– Bu maslahaty guramak bilen, biz onuň zenanlaryň häzirki zaman dünýäsinde eýeleýän ornuna, aýry-aýry ýurtlarda, şeýle hem dünýä möçberinde sazlaşykly ynsanperwer we adalatly jemgyýeti döretmekde wezipesine dogry we jogapkärçilikli baha bermäge ýardam berjekdiginden ugur aldyk. Şeýle hem biz bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna, bu ulgamda bilelikdäki halkara işiň mümkinçiliklerini has anyk kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynanýarys diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde täze netijeli formatlary hem-de platformalary döretmäge goşant bolup biljek anyk teklipleri öňe sürmäge çalyşýarys diýip, gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de türkmen tarapynyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge taýýar birnäçe başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.
Birinji başlangyç: Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy pakt. Bu teklibiň mazmuny «her bir çaganyň saglyga hukugy bardyr» diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Bu başlangyjyň çäklerinde halkara derejede bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin platformalaryň biri bolup biljek çaga saglygy hakyndaky halkara paktyny döretmek teklip edilýär. Ýaşaýan ýerine, jemgyýetçilik derejesine ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryň saglygy üçin döwletleriň we halkara guramalaryň bitewi jogapkärçilik gurşawyny döretmek bu başlangyjyň maksadydyr.
Ikinji başlangyç: «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary we çagalary goldamak merkezleriniň halkara tory. Bu başlangyç ynsanperwer goldawyň ählumumy infrastrukturasynyň — gapma-garşylyklar, tebigy betbagtçylyklar, migrasion akymlar ýa-da sosial çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlarda ýerleşdiriljek Ynsanperwer merkezleriň torunyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, BMG — Zenanlar ýaly möhüm düzümleriň, iri haýyr-sahawat gaznalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bitewi halkara platformanyň döredilmegi bu başlangyjyň möhüm bölegidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň çykyşynda çuň mazmuna ýugrulan pikirleriň ençemesi beýan edildi.
Soňra plenar mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Bu ýerde hormatly myhmanlaryň birnäçesiniň ähmiýetli çykyşlary diňlenildi:
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa;
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa;
Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa;
San-Tome we Prinsipi Demoktarik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentuwa;
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo;
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa;
Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini;
Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri;
Halkara forum Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned;
Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani;
Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa;
Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý;
Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa;
Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministri Dogdurkul Kendirbaýewa;
***
Soňra halkara maslahat öz işini «Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler», «Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler», «Bilim, çagalary terbiýelemek, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda döwlet düzümleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri döwlet dolandyryş institutlarynyň maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we gender deňligini üpjün etmekde möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem jemgyýetçilik institutlarynyň, şol sanda haýyr-sahawat gaznalarynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ulgamda zenanlaryň bilime we saglygy goraýşa elýeterliligini gowulandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zenan telekeçiligini ösdürmäge we zähmet bazarynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.
***
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat gender deňligini üpjün etmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ynsanperwer ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.