Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.
12-nji awgustda bellenen Hazar deňziniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
«Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan bu foruma Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň hünärmenleri, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Forumyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Forumyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriniň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler degişli ulgamda sebitiň döwletlerinde, şol sanda «Hazar ekologiýa maksatnamasy» atly sebit maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işlere ünsi çekdiler.
Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşýan möhüm birleşdiriji şertdigini bellediler. BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri öz çykyşlarynda Hazaryň deňiz gurşawynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almakda kenarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kanuny esas bolan Tähran konwensiýasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek baradaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmalaryny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmegi göz öňünde tutýan «EcоPorts» güwänamasy bilen sylaglanan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işinde ekologik standartlaryň berjaý edilmegi maslahatda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri boldy. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Hazar deňziniň gününiň çäklerinde medeni maksatnama taýýarlanylyp, myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençler guraldy.

