Awazada mugt konsert: Şu gün Şatlyk Gurbannazarow, Anna Jepbarow we Çarygeldi Ataballyýew çykyş edýär

MilliInfo

2 sagat öň

Awazada mugt konsert: Şu gün Şatlyk Gurbannazarow, Anna Jepbarow we Çarygeldi Ataballyýew çykyş edýär

«Bagymdan gel, gül bereýin// Eger-de, läläm isleseň» diýen meşhur setirler bu gün deňiz kenarynda belentden ýaňlanar. Şu gün — 4-nji awgustda Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde Şatlyk Gurbannazarowyň, Anna Jepbarowyň we Çarygeldi Ataballyýewiň konserti geçirilýär.

Awazanyň jana şypaly howasy, joşgunly owazlar hem-de şadyýan gurşaw kalbyňyzy ýakymly duýgulara beslär. Munuň özi dynç alşyňyza ýatdan çykmajak täsirleri bagyş eder.

Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.

Konsert sagat 19:30-da başlanýar.

Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info